Jahankeşdäniň üstünlik syrlary | Türkmençe

Jahankeşdäniň üstünlik syrlary  

1_ Arzuw etmek.

Bir jahankeşdäniň birinji etýän zady arzuw etmekdir. Gözlerini yumar we arzuw eder. Şeyle bir arzuw eder welin, guşlar ganatlaryndan geçer “Men munuň ýaly uçup bilmedim!” diyip. Şeyle bir arzuwyny gurnar welin, düýş dünýäsi zorlanar “Bulary nädip keşp eders?” diyip. Güller, okeanlar we güneş utanar özlerinden “Biz munuň ýaly açyp bilmedik, joşup bilmedik, saçyp bilmedik!” diýip we tebigat dyza çöker “Keşp et!” diýip.

2_ Başarjagyňa ynan.

Arzuw etdik, indi muny reallaşdyrma wagty. Ilkinji ädimi syzmak bilen başlalyň, ayak ujundan saçlaryň ujuna çenli, yilikleriňe çelni syzmak gerek. Durmuşuňdaky duş gelen kynçylyklaryňyzy pikir ediň ve durup öziňize serediň. Hemme kynçylyklara garamazdan dem alyp bilyärisňiz we “Kyn, men muny başarmaryn, bu yük gaty agyr!” diyip aydanlaryňyzyň hemmesi başyňyzdan geçip gitdi. Ine edil şunun yaly, çäkleri bir tarapa goýup dine başarjagyňa ynan.

3_ Plan gur.

Indi elimize kofe we suwumyzy alalyň we tämiz bir kelle bilen plan gurnalyň. Plany gurnamyzda şu sagatda nahar iýjek, şu sagatda çaý işjek şeklinde bolmaly däl. Plan iki tüýsli bolyar: a-Gysga Wagtly Planlar: Şu altynjy we bazar güni şuwagtky ýaşaýan şäherde ýada obada hiç gitmedik we her gün ýanyndan geçip dykgat etmedik bir köçäni barlajak, synaglarymdan iň az üç sapagy 4 lik baha bilen geşjek, bu hepde köp wagtdan bäri jaň etmedik dostlaryma jaň etjek (Şuwagt durup pikir etdiňiz? Näçe wagtdan bäri jaň etmedik dostlaryň, garyndaşlaryň aklyňa geldi şeyle dälmi? Ýada dine kömege mätäç wagtyn jaň etýäniňi oylandyň!). b- Uzak Wagtly Planlar: Men şu dört ýyllyk Üniversitedi 4 ýylda dynaýmaly, 60 ýaşamaňkam 60 ülkani gezjek.

4_ Durmuşa geçir.

Plany gurnadyk indi bolsa hereket etme wagty geldi. Her gün bagtyň, arzuwlaryň üçin ve özün üçin birzatlar et, azajyk hem bolsa her gün et. Köplenç uzak wagtly planlarymyzy güni gelýänçä ýatlamaýarys we soňy käşkä bilen gutarar. Käşkä diýmezlik üçin birzatlar et. Eger garaşyp bilmejegiňizi duýsaňyz arzuw we hyýallaryňy tazeden gözden geçirin, olaryň sizi aýakda tutjagyna ynanyaryn.

5_ Asudalyk.

Planyňyzy durmuşa geçirmek size asudalygy getirer. Her kimin asuwdalyga garaýyşy başgadyr, menin üçin asuwdalyk deňiziň kenarynda aýakýalaňaç ylgamakdyr, güneşin doguşyny, batyşyny hem ýaşaýan ýeriň iň depedäki nokadyndan seretmekdir. Çuňluklary barlamak, depelere döşüňi germekdir. Asudalyk – tomus gijeleri ýyldyzlaryň çuňlugynda özüňi ýitirmekdir. Asudalyk asmanyň göğüne, güneşiň mämişisine aşyk bolmakdyr .

6_ Bagt.

We iň wajyp tarapy hem bagt. Bagt näme? Bagt – asyrlyk agaçlaryň sayasynda arkaňy ýaslap kitap okamakdyr, ençeme wagtdan bäri gözleyän aýdymyňy tapmakdyr, Ýagyşda ezilmek, garda tayyp yykylmakdyr, batyrlykdyr. Beýleki jandarlar bilen söhbetdeş bolmak, duýmakdyr. Alma iymek, ynsanlara bakaňda ýylgyrmakdyr. Dünýäniň çar tarapyndan dost edinmekdir, ençeme ýyl soň surat albomyňa seredip hoşal bolmakdyr. Käşkä ýerine “Goýsanaý! Men muny hem edipdirn!” diymekdir bagt. Meniň üçin iň uly bagt ejeme laýyk ogul bolmakdyr.

 

 

 

Advertisements

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s